Ykdysady ösüş — geljegiň aýdyň kepili

10 Aprel 2024
298

Her bir güni uly üstünliklere, şanly senelere beslenýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalarynyň we bimöçber aladalarynyň netijesinde, eziz Diýarymyz milli ykdysadyýetimizi kämilleşdirmegiň täze tapgyryna gadam basdy. Döwlet Baştutanymyzyň parasatly baştutanlygynda ykdysady we durmuş taýdan barha kuwwatlanýan ýurdumyzda bank ulgamynyň hyzmatlaryndan, mümkinçiliklerinden, döwrüň ösen talaplaryndan peýdalanmak üçin oňyn ýagdaýlar döredilýär. Bu işleriň ählisi halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek ugrunda uly tagallalary durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörelgeleriniň durmuşymyzyň ähli ugurlarynda öz beýanyny tapýandygyna şaýatlyk edýär.

Ýurdumyzyň durnukly ösmeginde bank ulgamy möhüm orna eýe bolup, öz işini döwletiň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini gazanmaga, ylmyň gazananlaryna esaslanyp, raýatlarymyza ýokary derejede bank hyzmatlaryny hödürlemäge gönükdirýär. Bilşimiz ýaly, halkymyza maliýe hyzmatlarynyň we ykdysady serişdeleriň elýeterliligini üpjün etmek hormatly Prezidentimiziň bank ulgamy boýunça alyp barýan döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Şonuň esasynda nagt däl hasaplaşyklaryň we tölegleriň gerimini, bank kartlaryny, ulag hyzmatlaryny, saglygy goraýyş hem-de beýleki hyzmatlaryň görnüşlerini giňeldýän häzirki zaman serişdelerini ornaşdyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Bu bolsa ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen birlikde bank ulgamynyň hem ilatymyza sanly hyzmatlary hödürlemek bilen halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmakda, olara döwrebap hyzmatlary amala aşyrmakda alyp barýan işleriniň aýdyň netijesidir.

Oguljennet JUMABAÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar