Bilim basgançagyndaky şowly ädimler

10 Aprel 2024
724

Ýaşlyk — durmuşyň iň gözel çagy. Bu döwür her bir ynsana ylym-bilimden ýüküni tutmaga, hünär saýlamaga, kämilleşmäge giň mümkinçilikleri açýar. Mekdep ýyllarynda ädimme-ädim menzil aşyp, ylymlar dünýäsinde erkana ganat ýaýýan ýaşlaryň üstünliklerine şaýat bolanyňda, Watanymyzyň geljeginiň nurana boljakdygyna ynamyň has-da artýar. Şeýle zehinli ýaşlaryň biri-de Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň okuwçysy Maral Berdimyradowadyr.

Biologiýa dersiniň gyzykly dünýäsi Maraly çagalygyndan özüne çekýär. Öňem ejesiniň göreldesine eýerip, lukman bolmagy ýüreginde beslän Maral gündelik okuw sapaklarynyň ýany bilen biologiýanyň ähli ugurlarynyň çuňluklaryna içgin aralaşyp başlaýar. Çäksiz höwesine, irginsiz yhlasyna, dowamly gözleglerine syny oturan agasy, şol bilim ojagynyň mugallymy Aman Berdimyradow hem onuň ylymlar dünýäsiniň altyn gapysyny açmagynda öz goldawyny gaýgyrmaýar. Aman mugallymyň biologiýanyň täze ylmy taglymatlary, alymlaryň öňdebaryjy dünýä tejribeleri we barlaglary bilen utgaşykly öwredýän taýýarlyk sapaklary Maralyň höwesini has hem artdyrýar. Şeýlelikde nazary bilimleri ele almak bilen birlikde amaly endikleri hem özünde terbiýelemegi başarýan zehinli okuwçy 8-nji synpdan başlap, mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginde, internet olimpiadalarynda öz zehini bilen tapawutlanyp başlaýar. Bu bolsa okuwçy gyza kämilleşmäge, tejribe toplamaga giň ýol açýar. Eýýäm şol ýyllarda ol welaýatymyzda iň ýokary netijeleri görkezýän mekdep okuwçylarynyň sanawyna hem goşulýar.

Beýleki habarlar