Maksadymyz ― dil bilen dünýä çykmak

10 Aprel 2024
643

Baýry bilim ojagymyzda bilim we ylym babatynda ýurdumyzyň beýleki ýokary okuw mekdepleri bilen barha berkeýän hyzmatdaşlyk bilelikdäki kämilligi üpjün edýär. Biz muny institutymyzyň ähli fakultetleriniň we kafedralarynyň işinde aýdyň görýäris.

Iňlis we nemes dilleri hem-de edebiýatlary hünärleri boýunça ýaş hünärmenleri taýýarlaýan roman-german dilleri we edebiýaty fakultetimizde hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ugurdaş fakultetleridir kafedralary bilen hyzmatdaşlygyň netijesinde talyp ýaşlaryň bu dünýä dillerini hem-de olaryň edebiýatyny çuňňur özleşdirmek babatynda öňegidişlikler gazanylýar.

Gülşat NAZAROWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.
Beýleki habarlar