Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

9 Aprel 2024
338

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda bolşy ýaly, harby we hukuk goraýjy edaralarynda hem häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalarynyň we sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda bu babatda alnyp barylýan üstünlikli işler aýratyn bellärliklidir.

Ýurdumyzyň gümrük edaralarynyň ählisinde sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden, döredilen şertlerden giňden peýdalanylýar. Bu bolsa gullugyň harby gullukçylarynyň işleriniň ýeňilleşmegine, sarp edilýän wagtyň tygşytlanylmagyna hem-de islendik wagtda birnäçe ugra degişli maglumatlary çalt tapmaga mümkinçilikleri döredýär.

Rüstem ÝAZLAKOW,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Ahal welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, maýor.
Beýleki habarlar