Şägirdi tejribe taplaýar

9 Aprel 2024
405

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan parasatly döwlet syýasatynyň iň möhüm ugurlarynyň biri hem ylym we bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek, ony hil taýdan dünýä derejesine çykarmak bolup durýar. Şoňa görä-de, ägirt uly üstünliklere ýetjek, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilen giň gerimli döwletli işlere aýratyn ähmiýet berilýär.

Ýakynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyplary ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde mugallymçylyk tejribeligini geçdiler. Okuw ýylynyň ikinji ýarymynda talyplar mugallymçylyk tejribeliligini geçmek üçin ak mekdepleriň gapysyndan gadam basdylar. Talyplaryň öz nazary bilimlerini iş tejribeleriniň üsti bilen öwrenmekleri üçin ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde hem ähli mümkinçilikler döredilendir. Bilim ojaklary häzirki zaman okuw-görkezme esbaplary we sanly tehnologiýalar bilen doly üpjün edilendir. Bu bolsa talyplaryň ökde hünärmenler, okuwçylaryň bolsa sowatly, terbiýeli, zehinli, ukyply nesiller bolup ýetişmekleri üçin berk binýat bolup durýar.

Janabaý ŞYHYÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň pedagogika kafedrasynyň müdiri.
Beýleki habarlar