«Türki dünýäsiniň medeni paýtagty»

9 Aprel 2024
311

* Döwletimiziň üstünlikleri, toý-baýramlary bu ýyl hem goşa-goşadan gelýär. Bu ýyly «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip atlandyrdyk. Sebäbi bu ýylda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde dabaraly belleýäris. Gadymy Änew şäheri 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edildi. Bular, hakykatdan hem, tutuş dünýäniň ünsüni özüne çekjek wakalardyr.

* Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän wakalaryň umumylygy «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarda jemlenýär. Çünki döwletiň iň uly maksady adamlaryň bagtyýarlygydyr, geljege ynamly garaýşydyr. Bagtyýarlyk bolsa, bir sözde beýan edilmeýär, adamyň bagtyýarlygy onuň islegi, arzuwlary, garaýyşlary, duýgy-düşünjesi bilen baglanyşykly durmuş ýagdaýlarynyň esasyndaky düşünjedir. Bu düşünje dogrusyndaky umumy garaýyş Watan diýen sözde jemlenýär.

Beýleki habarlar