Hy­taý hem­ra­sy Aýyň or­bi­ta­sy­na ýer­leş­di

9 Aprel 2024
235

Hy­ta­ýyň Aýyň ýü­zün­dä­ki en­jam­lar bi­len ara­gat­na­şy­gy ýo­la goý­mak üçin ni­ýet­le­nen eme­li hem­ra­sy­nyň Aýyň or­bi­ta­sy­na ýer­le­şen­di­gi mä­lim edil­di. Ýur­duň mil­li kos­mos eda­ra­sy (CNSA) «Queqiao-2» at­ly eme­li hem­ra­nyň uçu­ry­lan­dan soň­ra Aýyň 440 ki­lo­metr go­la­ýyn­da or­bi­ta gi­ren­di­gi habar berildi. Mun­dan soň­ra eme­li hem­ra­nyň be­ýik­li­gi saz­la­nyp, de­giş­li or­bi­ta ýer­leş­di­ril­er.

20-nji mart­da «Long March-8» gö­te­ri­ji ra­ke­ta bi­len uçu­ry­lan eme­li hem­ra Hy­ta­ýyň kos­mos teh­no­lo­gi­ýa­sy aka­de­mi­ýa­sy­nyň (CAST) hü­när­men­le­ri ta­ra­pyn­dan iş­le­nip taý­ýar­lan­dy. Ag­ra­my 1,2 ton­na ba­ra­bar bo­lan eme­li hem­ra­da iki sa­ny an­ten­na bo­lup, bi­ri Aýyň ýü­zün­dä­ki göz­leg en­ja­my, beý­le­ki­si Ýe­re mag­lu­mat goý­ber­mek üçin ni­ýet­le­nen.

Beýleki habarlar