Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy «Açyk gapylar» gününe çagyrýar

8 Aprel 2024
562

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy 2024-2025-nji okuw ýylynda okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlary 2024-nji ýylyň 22-nji aprelinde sagat 09:00-da geçiriljek «Açyk gapylar» gününe çagyrýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ýörite we çagalar sazçylyk, sungat mekdeplerini tamamlaýan uçurymlar «Açyk gapylar» gününde okuwa girmek üçin talap edilýän resminamalar, ýokary okuw mekdebinde taýýarlanylýan hünärler, alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik hem-de medeni köpçülikleýin işler barada giňişleýin maglumatlar, şeýle hem «Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň muzeýi» bilen tanşyp bilerler.

Hoş geldiňiz!
Beýleki habarlar