Talyplar tejribelikde taplanýarlar

8 Aprel 2024
324

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň häzirki günlerinde, Türkmen oba hojalyk institutynyň 5-nji ýyl talyplary okuw ýylynyň dowamynda alan nazary bilimlerini önümçilik tejribeliklerinde berkitmek üçin Türkmenistanyň bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan çyzgydy we okuw, iş maksatnamasy esasynda, ýurdumyzyň Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň çäklerinde ýerleşýän ylmy-önümçilik synag hojalyklarynda, öňdebaryjy oba hojalyk kärhanalarynda we daýhan birleşiklerinde diplomyň öňündäki önümçilik-hünär öwreniş tejribelik okuwlaryny geçýärler.

Tejribelik döwründe has-da tapawutlanyp işleýän Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniň Gidromeliorasiýa hünärinde bilim alýan Hydyr Haýdarow, Güljahan Şyhyýewa, Bäşim Bäşow, Nazoket Ýusupowa ýaly talyplar meýilnama esasynda gündelik edilmeli işlerini doly berjaý edip, ýoldaşlaryna görelde bolmagy başarýarlar. Tejribelik okuwlaryna halypa mugallym Alimuhammet Şukurow ýolbaşçylyk edýär. Institutymyzyň talyp ýaşlary oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegi ylmy esasda alyp barmak bilen ekiljek meýdanlarynyň toprak, howa şertlerine görä tohumy saýlap almak, hasyllylygyny gowulandyrmak, ekişi wagtynda, ýokary hilli geçirmek, ekilen ekinlere, baglara agrotehnikanyň talaplary esasynda ideg etmek, ylmyň öňdebaryjy usullary arkaly (damjalaýyn, ýagyş ýagdyryp) tygşytly suw bermek, ýerleriň şorlamagyna garşy göreşmek ýaly meseleleri içgin öwrenýärler. Bu bolsa olaryň geljekde oba hojalyk ulgamynda zähmet çekjek ökde hünärmenler bolup ýetişmeklerine doly esas bolýar. Institutymyzyň gujur-gaýratly, ruhubelent talyp ýaşlary şeýle eşretli zamanany peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarlar.

Orazmyrat ÇANDYROW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar