Talyplar üçin okuwlar guralýar

8 Aprel 2024
354

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda milli bank ulgamyna sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylyşy, nagt däl hasaplaşyklaryň giň mümkinçilikleri, maglumatlaryň howpsuzlygynyň üpjün edilişi we hyzmatlaryň beýleki görnüşleri barada bilim bermek maksady bilen bank ulgamy tarapyndan welaýatymyzdaky ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary üçin okuwlar guralýar.

Şeýle okuw Türkmenabat şäher häkimliginiň 2-nji hünär-tehniki okuw mekdebinde guraldy. Okuwy Türkmenistanyň Merkezi bankynyň welaýat şahamçasynyň maglumatlar we tilsimatlar bölüminiň başlygy Aziz Hudaýberdiýew, «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň «Lebap» şahamçasynyň sanly bank tehnologiýalary we awtomatlaşdyryş bölüminiň hünärmeni Aziza Babamyradowa, «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň welaýat şahamçasynyň bank işleri we awtomatlaşdyryş bölüminiň başlygy Azat Hamraýew geçirdiler. Talyplar sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde, ilki bilen, bank hyzmatlarynyň bökdençsiz, çalt ýerine ýetirilip ugrandygy, bank kartlarynyň işjeňligi, karz edaralarynyň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlanandygy, ýurdumyzyň bank edaralarynda elektron banking düzüminiň, nagt däl tölegleriň möçberiniň, onlaýn-hyzmatlar arkaly karzlaşdyrmagyň has artandygy, şeýle hem internet bank hem-de mobil-bank hyzmatlarynyň kämilleşýändigi, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen bank ulgamynyň işini kämilleşdirmegiň ýene-de yzygiderli dowam etdirilýändigi barada giňişleýin düşünje aldylar.

Ilmyrat ALLABERDIÝEW,
ýörite habarçymyz. Surata düşüren Merdan ORAZOW.
Beýleki habarlar