Iş tejribeden

7 Aprel 2024
486

Sapagyň täsirliligi usulyýete bagly

Matematika sapagyna okuwçylar örän işjeň gatnaşýarlar, sebäbi her gezekki sapagy gyzykly guramak we okuwçylaryň höwesini artdyrmak, elbetde, mugallymyň sapagy guraýşyna bagly bolup durýar. Okadýan 3-nji synpymda berlen mysallary ýatdan hasaplamak, tagtada işlemek, okuwçylaryň oturan ýerlerinde özbaşdak işlemek ýaly usullary ulanýarys. Berlen tabşyryk boýunça çalt we dogry işlän okuwçylary dürli şekiljikler bilen höweslendirýäris.

Leýli MYRADOWA,
Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar