Ýewropa Bileleşigi Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda täze optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisini gurar

5 Aprel 2024
248

Ýewropa Bileleşigi Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda täze optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisini gurmagy meýilleşdirýär. Şeýlelikde, «Far North Fiber» taslamasy Arktikadaky Demirgazyk-Günbatar geçelgesi arkaly Ýewropa bilen Ýaponiýany birleşdirýän 14,5 müň km kabelden ybarat bolar. Birikme nokatlary Ýaponiýada, ABŞ-da, Kanadada, Norwegiýada, Finlýandiýada we Irlandiýada ýerleşer.

Täze taslamanyň bahasy 1 milliard ýewro barabar bolar diýlip çaklanylýar, munuň özi beýleki ugurlaryň bahasyndan has ýokarydyr. ÝB eýýäm «CEF Digital» taslamasynyň çäklerinde başlangyç üçin 23 million ýewro golaý maýa goýdy.

Beýleki habarlar