Ösüşlere badalga

4 Aprel 2024
346

Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň tapgyrlaýyn amala aşyrylmagy her bir wezipäniň göwnejaý ýerine ýetirilmegini üpjün edýär.

Sanly ykdysadyýete tapgyrlaýyn geçmegiň çäklerinde maglumatlaryň kiber howplara garşy goraglylygynyň üpjün edilmegine, şeýle hem düzüm gurluşlarynyň ähli birlikleriniň, maliýe ulgamynyň we döwlet dolandyryşynyň durnuklylygynyň ýokarlandyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Agzalýan Maksatnama boýunça 2024 — 2025-nji ýyllarda durmuşa geçirilmeli üçünji tapgyrda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda sanly intellektual tehnologiýalaryň hem-de usullaryň kämilleşdirilmegini we ornaşdyrylmagyny dowam etdirmek, Diýarymyzda sanly ykdysadyýete geçmekde, ony ösdürmekde gazanylan oňyn tejribe esasynda has netijeli taslamalaryň ornaşdyrylmagyny giňden ýaýbaňlandyrmak bilen baglanyşykly wezipeler bellenilýär.

Osman BEGMURADOW,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar