Bilimli bolmak — dünýä akyl ýetirmek

3 Aprel 2024
339

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri türkmen halkynyň täze taryhyna ösüşleriň we oňyn özgerişleriň döwri hökmünde baky ýazylýar. Şeýle hem ýurdumyzyň harby ulgamynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler bu hakykata dolulygy bilen şaýatlyk edýär. Beýleki pudaklar bilen bir hatarda Ýaragly Güýçlerimiziň Raýat goranyşy ulgamynda hem ägirt uly sepgitlere ýetilýär. Şol bir wagtda Garaşsyz Watanymyzyň goranyş ulgamy düýpli özgertmeler netijesinde gün-günden öňe ilerleýär.

Ýaşlaryň döwrebap bilim almagy we hünär öwrenmegi möhüm wezipeleriň biridir. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň: «Ýaşlar hemişe kämillige ymtylmalydyrlar. Çünki kämillik ýaşlar üçin iň ýokary derejedir» diýen ajaýyp sözleri ata-babalarymyzdan gelýän milli gymmatlyklaryň häzirki döwürde hem giň gerime eýe bolýandygyny görkezýär. Şundan ugur alyp, harby talyp ýaşlarymyzyň döwrebap hünärleri ele almagy, raýat goranyşy we howpsuzlygy babatynda nazary bilimlerini kämilleşdirmegi üçin ýokary okuw mekdebimiziň okuw binýatlarynda, häzirki zaman enjamlary ornaşdyrylan okuw-önümçilik merkezinde, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň okuw binýatlarynda, amaly-tejribe toplumlarynda okuw sapaklaryny özleşdirýärler.

Döwletýar ALLOWOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Raýat goranyşy fakultetiniň mugallymy, leýtenant.
Beýleki habarlar