Raýat goranyşy — möhüm wezipe

3 Aprel 2024
315

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli pähim-parasatlary esasynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň ähli sebitlerinde döwrebap ýaşaýyş jaýlary, durmuş-ykdysady maksatly binalar we desgalar yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär. Arkadag şäheri iň iri we naýbaşy binalar toplumydyr. Ol özüniň täsin ymaratlary, haýran galdyryjy binagärlik aýratynlyklary bilen dünýäni aňk edýär.

Gurulýan täze binalaryň we desgalaryň uzak möhletli hyzmat etmegini, ilatyň ýüze çykyp biljek tebigy we tehnogen hadysalara garşy dessin goraglylygyny üpjün etmek döwrüň möhüm wezipeleriniň biridir. Şol bir wagtda ýurdumyzda bu ugurdan ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak has wajyp bolup durýar. Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Raýat goranyşynyň esasy wezipelerini, onuň guralyşynyň we işlemeginiň guramaçylyk ýörelgelerini, ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň, kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň ygtyýarlyklaryny, şeýle-de ýurdumyzyň we daşary ýurtly raýatlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň raýat goranyşy babatyndaky hukuklaryny we borçlaryny kesgitleýän «Raýat goranyşy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi.

Şagylyç BAÝRAMOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Raýat goranyşy fakultetiniň harby talyby.
Beýleki habarlar