Ylym we tehnika syýasy-ykdysady özgertmelerimiziň hem-de rowaçlyklarymyzyň özenidir

3 Aprel 2024
269

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow:
— Ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän alada öz miwesini hem berýär. Watanymyza, halkymyza, ata-babalarymyzyň ajaýyp ýörelgelerine, milli däp-dessurlarymyza wepaly, ruhubelent, bilim almaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli ýaşlar kemala gelýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy dünýäniň iň ösen ýurtlarynyň derejesine çykarmak maksady bilen, onuň önümçilik, senagat we zähmet, şonuň bilen bir hatarda, intellektual kuwwatyny artdyrmak, diwersifikasiýalaşdyrmak babatda durmuşa ornaşdyrýan özgertmeleri özüniň oňyn netijelerini berýär. Şu maksada ýetmek üçin zerur bolan toplumlaýyn çäreler üstünlikli durmuşa geçirildi, şol sanda ähli ösüşleriň berk binýadyny düzýän ylym-bilim ulgamynyň işi hem dünýäniň ösen tejribelerine laýyklykda alnyp barylýar. Bu özgertmeler ýurduň döwlet gurluşyny kämilleşdirmekden başlap, ykdysadyýetiň we medeniýetiň ähli ulgamlaryny, halkyň gündelik durmuşyna çenli ähli ýagdaýlary öz içine alýar.

Parahat ORAZOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory, tehniki ylymlaryň kandidaty.
Beýleki habarlar