Zehin daragtynyň datly miweleri

3 Aprel 2024
309

Golaýda Arkadag şäherinde geçirilen Halkara matematika olimpiadasynda welaýatymyza wekilçilik eden okuwçylaryň üstünlikli çykyş etmekleri bizi diýseň buýsandyrdy. Dünýä döwletleriniň 13-siniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda geçirilen bu olimpiadada Türkmenabat şäherindäki takyk we tebigy ugurlara ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Döwletgeldi Şakirjanow 3-nji orna mynasyp boldy.

Özüniň tebigy zehini, asylly terbiýesi, ähli sapaklara göreldeli ýetişigi bilen tapawutlanýan Döwletgeldi ýurdumyzda mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän ders we taslama bäsleşiklerine yzygiderli gatnaşyp gelýär. Ol bu bäsleşikleriň ählisinde diýen ýaly öňdäki orunlary eýeleýär. Döwletgeldi geçen okuw ýylynda «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň döwlet tapgyrynyň ýeňijisi hökmünde Halkara Ýaşlar forumyna hem gatnaşdy. Bu okuw ýylynda bolsa ýene-de «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň döwlet tapgyrynyň ýeňijisi bolup, Halkara matematika olimpiadasyna gatnaşmaga hukuk gazandy. Ol Arkadag şäherinde geçirilen olimpiadanyň ähli taýýarlyk tapgyrlaryndan geçip, esasy tapgyrda-da üstünlikli bäsleşdi.

Maral AGAMYRADOWA,
Beýleki habarlar