Gadymy Änew medeniýetiniň waspy

2 Aprel 2024
450

Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaralara badalga berilmeginiň öňüsyrasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gönüden-göni gadymy topraga bagyşlanan «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze eseriniň çapdan çykmagy kalbymyzy buýsanja besledi.

Gymmatly eserinde: «Dünýä kartasyndaky ummanlardan başga, adamzat aňynda ýene bir umman bar, oňa «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýilýär» diýip belleýän hormatly Prezidentimiziň bu kitaby gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan Änew medeniýeti bilen baglanyşykly gyzykly taryhy maglumatlary özünde jemleýär. Şöhratly taryha bagyşlanan bu gymmatly kitapda barça şahyrlaryň ruhy halypasy bolup durýan Magtymguly atamyzdan ylham alan Durdy bagşy we Dostmämmet şahyr ýaly ussatlardan hem söz açylýar. Kitapda beýan edilişi ýaly, Dostmämmet bilen Durdy bagşy dostlukly gatnaşykda bolupdyr. Dostmämmet Seýit Jemaleddin aradan çykanda, oňa bagyşlap «Aýryldyk» atly goşgusyny ýazypdyr. Durdy bagşy bolsa edil şu günlerem halk içinde aýdym edilip aýdylýan «Ak ýüzli Maralym» goşgusy bilen tanalýar. Umuman, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu taryhy eserini okap, gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan Änewe syýahat eden ýaly duýgulary başdan geçirýärsiň. 

«Watan».
Beýleki habarlar