Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ähli döwürler üçin ruhy-ahlak mekdebi

2 Aprel 2024
304

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesli beden taýdan sagdyn, hünärli edip ýetişdirmek, onuň döredijilik ukybyny we pikirlenmek başarnyklaryny jemgyýetimiziň kämilleşmegine hemde döwletimiziň täze sepgitlere ýetmegine gönükdirmek häzirki zaman terbiýeçilik işiniň özenidir. Ýaşlarda ahlak medeniýetini kemala getirmegiň esasy maksady olarda watansöýüjilik duýgusyny döretmekden, Diýarymyza bolan buýsanjy artdyrmakdan, şahsyýetiň, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerine olaryň goşýan goşantlaryny artdyrmakdan ybaratdyr. Şeýle derwaýys işler ata-baba dowam edip gelýän milli däp-dessurlara we asylly ýörelgelere esaslanýar. Ýaşlarda ahlak medeniýetini kemala getirmekde milli mirasymyzyň ähmiýeti örän uludyr. Ençeme asyrlar bäri dowam edip gelýän türkmeniň döwletlilik ýörelgesi bu günki ýaşlarymyz üçin durmuş mekdebidir. Jemşidiň jamy ýaly şeýle egsilmez milli gymmatlyklary beýik Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasynda görmek bolýar.

“Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlary hem-de ynsanperwer syýasaty netijesinde türkmen halkynyň akyldary, beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanyp ýurdumyzda we daşary ýurtlarda köpsanly medeni çäreler geçirilýär. Çünki, Magtymguly Pyragynyň şygyrlary ýaş nesli terbiýelemekde, durmuşa taýýarlamakda özboluşly ýol görkezijidir. Onuň millilige ýugrulan döredijiligi ähli döwürler üçin gymmatly ruhy-ahlak mekdepdir.

Agamyrat BABAÝEW
Çärjew etrap bilim bölüminiň hünärmeni
Beýleki habarlar