«Agzybirlik tilsimaty» kärhanasy häzirki wagtda noutbuklaryň täze tapgyryny taýýarlaýar

1 Aprel 2024
223

«Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärha­nasy häzirki wagtda ýurdumyzyň 2024 — 2025-nji okuw ýylynda okuwa barjak birinji synp okuwçylary üçin noutbuklaryň uly tapgyryny taýýarlaýar.

Şu ýyl «Agzybirlik tilsimaty» noutbuklarda hususy inženerler tarapyndan işlenilen original plata shemasyny ulanyp, prosessoryň kuwwatyny hem-de operatiw ýadyň göwrümini ýokarlandyryp, noutbuklaryň modellerini kämilleşdirdi. Bilim gurşawynyň hünärmenleri tarapyndan bilelikde taýýarlanylan köp sanly okuw programmalary ykjam kompýuterleri kiçi synplaryň okuwçylary üçin hakyky kömekçä öwürýär.

Hanmämmet MOLLAKOW
«Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasynyň esaslandyryjysy.
Beýleki habarlar