Ylym-bilimde netijeli işler

31 Mart 2024
581

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün etmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumy gurulýar. Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň ugrunda gurluşygyna badalga berlen institutyň 5000 orunlyk täze binalar toplumynyň okuw otaglaryny döwrebap enjamlaşdyrmak boýunça tejribeli hünärmenlerden ybarat bolan iş topary döredildi. Iş topary tarapyndan institutymyzyň täze binalar toplumyny enjamlaşdyrmak, okuw otaglaryna ornaşdyrylmaly enjamlarynyň kysymyny, ulgamlaryny, programma üpjünçiliginiň sanawyny taýýarlamak boýunça potratçy kärhana bolan «Ajaýyp gurluşyk» hususy kärhanasy bilen degişli guramaçylyk işleri alnyp baryldy.

Institutyň professor-mugallymlary Germaniýa Federatiw Respublikasynyň tejribehana enjamlaryny öndürýän kompaniýalarynda iş saparynda boldular. Gamburg şäherinde ýerleşýän «G.U.N.T. Gerätebau GmbH» kompaniýasynyň «G.U.N.T Hamburg» tejribehana enjamlaryny öndürýän zawodynda kompaniýanyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi.

Arçmanberdi ÝAZYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar