Akyldar şahyryň döredijilik mirasy – türkmen ýaşlary üçin terbiýe mekdebi

23 Mart 2024
669

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde halkymyzyň şöhratly taryhy, medeni mirasy we ruhy gymmatlyklary çuňňur öwrenilýär. Munuň özi ýaş nesliň kalbynda taryhymyza, ruhy gymmatlyklarymyza bolan buýsanjyň kemala gelmegine getirýär. Taryhda öz paýhasy bilen meşhurlyk gazanmagy başaran beýik şahsyýetleriň biri-de akyldar şahyr Magtymguly Pyragydyr. ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji Geňeşiniň mejlisinde Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumyny bu guramanyň “Dünýäniň hakydasy” maksatnamasynyň halkara sanawyna girizmek barada çözgüt biragyzdan kabul edildi. Şeýle hem Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk baýramçylygynyň bu guramanyň Şanly seneler sanawyna goşulmagy beýik akyldaryň şan-şöhratynyň dünýä dolýandygyny, döredijilik dünýäsiniň gymmatynyň artýandygyny aýdyňlygy bilen görkezýär.

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ata-babalarymyzyň akyl-paýhas mirasyny ýaş nesillere öwretmekde, nesil terbiýesinde netijeli peýdalanmakda uly mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaş nesillerde ruhy we ahlak gymmatlyklary kemala getirmek, olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, döwrebap bilim-terbiýe bermek ugrunda ýurdumyzda alnyp barylýan işler döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz parahatçylygyň Watany hökmünde Magtymguly Pyragynyň döwlet gurmak ýörelgesine daýanýar. Akyldar agzybirligi döwlet gurmagyň esasy şertleriniň biri, parahat we asuda durmuşyň girewi hasaplapdyr.

Aýna AÇYLOWA
Halaç etrabynyň 3-nji orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy
Beýleki habarlar