Magtymguly Pyragynyň goşgularynda türkmen tebigatynyň keşbi

21 Mart 2024
384

Güneşli Diýarymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda amatly daşky gurşawy üpjün etmäge gönükdirilen «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmek babatdaky maksatnamalarymyz üstünlikli durmuşa geçirilýär. Biziň daşky gurşawy goramak baradaky syýasatymyz — döwletimizde amatly ekoulgamy üpjün etmekden, biodürlüligi gorap saklamakdan, galyndysyz önümçilik ýa-da az galyndyly önümçiligi goldamakdan, bu babatda ýaşlaryň arasynda ekologiýa medeniýetini, ekologiýa diplomatiýasyny kämilleşdirmekden ybaratdyr. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» özeninde hem hut şu wezipeler orun alandyr.

Milli Liderimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Häzirki zamanyň ekologiýa ylmyny baýlaşdyrýan çeşmeler halk paýhasynda hem ykrar edilendir. Ösümlik we haýwanat dünýäsi baradaky hekaýatlardyr rowaýatlar durmuşyň inçelik bilen akyl ýetirilen göwherleridir. Şonuň üçin milli terbiýeçilik ulgamymyzda tebigaty söýmegiň, ýere, suwa aýawly çemeleşmegiň ähmiýeti uludyr» diýlip bellenilýär. Bu hakykat halk döredijiligimizde-de, edebi mirasymyzda-da ykrar edilýär. Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde hem türkmen tebigatynyň täsinlikleri milli terbiýe bilen utgaşdyrylyp, inçelik bilen suratlandyrylýar. Bu babatda şahyr:

Göwher HYDYROWA,
Arkadag şäheriniň prokuraturasynyň kämillik ýaşyna ýetmedikler we ýaşlar hakyndaky kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik bölüminiň müdiri, 1-nji derejeli ýurist.
Beýleki habarlar