Nowruz

20 Mart 2024
543

Ýylyň nowruz möwsümi Milli bahar baýramy bilen başlanýar. Pederlerimiziň ýöreden hasabyna görä, nowruz möwsümi 21-nji martdan başlanýar. Bellenişi ýaly, nowruz sözi «now» — täze hem-de «ruz» — gün diýen sözlerden emele gelipdir.

Ata-babalarymyz ýazyň gelmegini täzelenişiň baýramy, täze ýylyň başlangyjy hasaplapdyrlar. Taryha ser salsaň, bu baýramyň ilki sümerler tarapyndan bellenilendigi baradaky maglumatlara gabat gelmek bolýar. Sümerler Nowruz baýramyny «Akitil» diýip atlandyrypdyrlar. «Til» sözi sümer dilinde «ýaşamak» we «dünýä gelmek» diýen manyny beripdir. Nowruzyň äleme gelmegi bilen janlanyşyň, täze ýaşaýşyň başlanýandygy barada Magtymguly atamyz «Duman peýda» şygrynda «Gelse nowruz äleme, reň kylar jahan peýda...» diýip belleýär.

Çaryberdi REJEBOW.
«Arkadag».
Beýleki habarlar