Gymmatly kitaplaryň terbiýeçilik ähmiýeti

20 Mart 2024
447

Türkmen halky kitaplara, şol bir wagtda hem olary ýazan şahyrlara, ýazyjylara hemişe uly sarpa goýup gelipdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu ýörelge dowamat-dowam bolmak bilen, Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly eserleriniň ajaýyp zamanamyzda ýolumyza şamçyrag bolup nur saçýandygyny nygtamak aýratyn ýakymlydyr. Ol eserleriň her biri özüniň many-mazmun taýdan çuňlugy, diliniň çeperligi, okyjy üçin sada hem düşnükli dilde ýazylandygy bilen tapawutlanyp, gymmatly gollanma bolup durýar.

Milli Liderimiziň biri-birinden ajaýyp kitaplarynda ata Watana, ene topraga söýgi-buýsanç, ata-enä hormat goýmak, agzybirlik, halallyk, mydama ýagşy umytda bolmak, ahlak we hukuk kadalaryna eýermek, il-ýurduň bähbidini ileri tutmak, milli gymmatlyklarymyza buýsanç şeýle bir çeperçilik bilen beýan edilýär welin, olary gaýta-gaýta okanyňy duýman galýarsyň. Eserlerde taryhy hem durmuşy wakalaryň üsti bilen ýaş nesillere ata-babalarymyzdan dowamat-dowam bolup gelýän edep-terbiýe kadalary örän çeperçilik bilen ündelýär. Bu bolsa gymmatly eserleriň terbiýeçilik taýdan ähmiýetini has-da artdyrýar.

Jemşit Gurbanow,
welaýat prokuraturasynyň kämillik ýaşyna ýetmedikler we ýaşlar hakyndaky kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik bölüminiň müdiri, 3-nji derejeli ýurist.
Beýleki habarlar