Balyk — baýlyk

20 Mart 2024
1263

Bahar paslynyň gelmegi bilen balyklaryň işbil taşlaýan we köpelýän döwri başlanýar. Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentliginiň Döwlet balyk goraýyş we suwuň bioserişdelerine gözegçilik müdirliginiň başlygy «Balyk hojalyk ähmiýetli suw desgalarynda balyklaryň köpelýän döwründe balyk tutulýan möwsümi çäklendirmek hakynda» buýruga gol çekdi. Ýokarda ady agzalan resminamada bellenilen çäklendirmeler barada müdirligiň welaýat boýunça bölüminiň başlygy Beşimkuly JÖWHEROW şeýle gürrüň berýär:

— Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň bioserişdeleriniň goruny artdyrmaga, ilaty ýokary iýmitlik häsiýeti bolan balyklar bilen bolelin üpjün etmäge gönükdirilen işleri alyp barmaga çynlakaý üns berýär. Şeýle il-ýurt bähbitli işler ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyk namalaryna daýanýar. Müdirligimiziň başlygynyň buýrugyna laýyklykda 2024-nji ýylyň 20-nji martyndan 15-nji maýy aralygynda welaýatyň çäginden geçýän Amyderýa, Garagum derýalarynyň ulgamynda we beýleki balyk hojalyk ähmiýetli suw desgalarynda, şeýle-de şu ýylyň 26-njy aprelinden 31-nji maýy aralygynda welaýatymyzyň Darganata etrabynyň çägindäki balyk hojalyk ähmiýetli suw desgalarynda balyk tutmaklyga çäklendirme girizildi. Bu çäklendirmäniň hereket edýän döwründe ýörite kesgitlenilen balyk hojalyk ähmiýetli suw desgalarynda höwesjeň we sport maksatly balyk tutýan fiziki şahslara:

Beýleki habarlar