Belent maksatlar ýagty geljege rowana

18 Mart 2024
378

Beýik ösüşler bilen öňe barýan eziz Diýarymyzda ähli ulgamlarda bolşy ýaly, ylym-bilim ulgamynda hem uly ösüşler gazanylýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaş nesillere aýratyn üns berilýär, ähli mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň durmuşa ornaşdyrýan ylym-bilim özgertmeleri esasynda ýaşlaryň döwrebap bilim, terbiýe almagyna, hünär öwrenmegine giň ýol açylýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, giň gözýetimli, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň obadyr şäherlerinde durmuş maksatly desgalar bilen bir hatarda, döwrebap bilim edaralary hem gurlup ulanylmaga berilýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiz: “Häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen orta we ýokary okuw mekdeplerini, çagalar baglaryny, dynç alyş-sagaldyş merkezlerini giň gerimde gurup ulanmaga berýäris. Bu bolsa ýaşlarymyza dünýä derejesinde bilim bermäge mümkinçilik döredýär” diýip belleýär.

Gülzada ÇARYÝEWA
Çärjew etrabynyň 61-nji orta mekdebiniň rus dili mugallymy
Beýleki habarlar