"Türkmendeňizderýaýollary" agentliginiň orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda bäsleşik geçirildi

15 Mart 2024
254

2024-nji ýylyň 14-nji martynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň  Türkmenbaşy şäher Geňeşi we “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi bilen bilelikde Türkmenbaşy şäherindäki  deňizçilik orta hünär okuw mekdebinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy hem-de 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýip yglan edilmegi mynasybetli “Taraşlap şaglatgyn köňle geleniň, Senden soňkulara ýadygär galar” ady bilen  bäsleşik geçirildi.

Oňa Türkmenbaşy şaherindäki deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň hem-de Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar. Bäseşik 4 şertden ybarat bolup, talyplar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar Watanyň daýanjy” atly kitabyndan hünar barada aýdan pähimlerini aýtmak, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginden labyzly okamak, aýdym aýtmak, ”Magtymguly Pyragy-şygyrýetiň ussady” atly temadan  goşgy, makala, oýlanma ýazmak, şahryň ömri we döredijiligi boýunça test görnüşindäki soraglara jogap bermek boýunça bäsleşdiler. Şeýle hem talyp ýaşlar Magtymguly Pyragynyň miras galdyran tämiz ruhly, sagdyn ahlakly, şirin zybanly, ajaýyp şygyrlarynyň terbiýeçilik ähmiýeti barada wasp etdiler.

Beýleki habarlar