Kämilligiň aýdyň ýoly

13 Mart 2024
519

Ata Watanymyzda ylym-bilimli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji, ynsanperwer ýaşlaryň kemala gelmegi ugrunda uly aladalar edilýär. Ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan bilim özgertmeleri we bu ugurda kabul edilen maksatnamalar, konsepsiýalar ýaş nesliň bilim almagy we ylym öwrenmegi üçin döwrebap şertleri döretmäge gönükdirilendir. Diýarymyzda alnyp barylýan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hem ýaşlaryň kämil adamlar bolmagy hakyndaky tagallalary özünde jemlemek bilen, olaryň okamagy, hünär almagy, gurmagy we döretmegi üçin döwrebap şertleri üpjün edýär.   

Ylym öwrenmek, ýaşlary bilimli edip ýetişdirmek asyrlar aşyp gelýän milli kämil ýörelgelerimiziň biridir. Munuň özi halkymyzyň ylym-bilime uly sarpa goýýandygyny aňladýar. Çünki ylym-bilim ähli ösüşleriň özeni hasaplanylýar. Şeýle bolansoň, geljegimiz bolan ýaş nesillerimiziň bilimli bolmaklary ugrunda uly işler alnyp barylýar. Durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleri netijesinde bilim-terbiýeçilik edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyryldy. Bu bolsa bilim işini döwrüň talabyna laýyklykda ösdürmäge, sapaklary täsirli guramaga ýardam berýär.

Mährijemal Goçgulyýewa,
Türkmenbaşy şäherindäki ýöriteleşdirilen 8-nji orta mekdebiň müdiri.
Beýleki habarlar