Daşary ýurt dillerini okatmagyň döwrebap usulyýeti

6 Mart 2024
148

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim ulgamynyň ösüşini kämilleşdirmek, milli we dünýä tejribesiniň öňdebaryjy usullary esasynda okuw-tejribelik işleriniň depginini ýokarlandyrmak, bilime, ylma we ýokary hünär derejesine höwesli ýaşlary goldamak bilen baglanyşykly maksatnamalaýyn özgertmeler alnyp barylýar. Bu özgertmeler milli we halkara gurşawynda aýratyn many-mazmuna eýe bolýar hem-de dünýä döwletleridir halklary bilen döwletara gatnaşyklardaky ýörelgelere, umumadamzat we milli gymmatlyklara hormat goýmak, ylma, bilime möhüm ähmiýet bermek bilen ony sazlaşykly alyp barmaga täze badalga berýär. Häzirki wagtda halkara jemgyýetçiligi bilen syýasy, ykdysady, medeni-ruhy we ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklaryň ösdürilmeginde dil bilimini ösdürmegiň örän uly ähmiýeti bardyr. Şol bir wagtda hem, daşary ýurt dillerini kämil bilýän, ýokary taýýarlykly hünärmenleri ýetişdirmek esasy ugur bolup durýar.

Dil dünýä medeniýetine, beýleki halklaryň ylym, bilim dünýäsine aralaşmagyň iň möhüm serişdesidir. Şol sebäpli hem hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň işgärleriniň öňünde ýaş nesle diňe bir ene dilini kämil derejede däl-de, eýsem, daşary ýurt dilleriniň hem birnäçesini öwretmek wezipesi goýuldy. Ýurdumyzda kabul edilen “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” we “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” daşary ýurt dillerini okatmaga düýbünden täzeçe çemeleşmeleriň emele gelmegine şert döretdi.

Dursun AGAJANOWA
Çärjew etrabynyň 49-njy orta mekdebiniň rus dili mugallymy, Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň işjeň azgasy
Beýleki habarlar