Watana wepaly ýaşlar

6 Mart 2024
233

Hormatly Prezidentimiz ýurduň ygtybarly daýanjy we guwanjy bolan ýaşlara uly üns berýär. Olara döredijilik başlangyçlaryny durmuşa geçirmek üçin ähli şertleri döredýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaşlar barada döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlaryň syýasy, ykdysady we medeni gözýetimlerini giňeltmegiň, ýokary derejede bilim almagyna, saýlan hünäriniň eýesi bolmagyna ýardam bermegiň, olary halallyk, ahlaklylyk, ýokary watançylyk ruhunda terbiýelemek baradaky aladanyň ýurdumyzda alnyp barylýan özgertmeleriň özeni bolup durýandygyny nygtaýar. Täze taryhy döwürde eziz Diýarymyzyň gülläp ösmegine uly goşant goşup, onuň at-abraýyny belende göterip, halkyň söýgüsine, sylag-hormatyna mynasyp bolmak ýaşlar üçin uly bagtdyr. Ata Watana wepaly, ilhalar adamlar bolup ýetişmegiň mukaddes borçlarydygyna oňat düşünýän türkmen ýaşlary häzirki döwürde halk hojalygynyň dürli pudaklarynda yhlasly zähmet çekip, özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezýärler.

Mamagül Täşjanowa,
Balkanabat şäherindäki 5-nji orta mekdebiň mugallymy, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.
Beýleki habarlar