Magtymguly, öwüt bardyr sözümde

5 Mart 2024
349

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 10 — 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda yglan eden «Magtymguly, öwüt bardyr sözüme» atly döredijilik we çeper okaýyş bäsleşiginiň welaýat tapgyry Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdepde geçirildi. Oňa bu bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan okuwçylar gatnaşdylar.

Ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemegi, ýaşlaryň Watanymyza, merdana halkymyza bolan buýsançlaryny artdyrmagy, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli mirasymyza, ruhy-ahlak gymmatlyklarymyza goýýan sarpasyny ýaýbaňlandyrmagy hem-de döredijilik ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmegi maksat edinen bäsleşige gatnaşan okuwçylar onda berlen şertler esasynda güýç synanyşdylar.

Nursoltan DEPBIÝEWA.
Surata düşüren Andreý PAKULOW, «Balkan».
Beýleki habarlar