Halkara matematika olimpiadasyna badalga berildi

5 Mart 2024
408

Düýn Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde IV Açyk halkara matematika olimpiadasyna (OMOUS — 2024) dabaraly ýagdaýda badalga berildi. Daşary ýurtly talyplaryň ýurdumyza gelip gatnaşmagynda bu halkara olimpiada indi ikinji gezek geçirilýär. Oňa gatnaşmak üçin 7 döwletden, has takygy, Bolgariýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň, Saud Arabystanynyň, Ispaniýanyň, Özbegistanyň ýokary okuw mekdeplerinde dürli ugurlar boýunça okaýan talyplar paýtagtymyza geldiler. Olimpiada ady agzalan döwletlerden jemi 25-den gowrak ýokary okuw mekdepden 110-dan gowrak, ýurdumyzdan bolsa 400-e golaý talyp gatnaşýar.

Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmek hem-de özara bähbitli ylmy maglumatlary alyş-çalyş etmek maksady bilen guralýan bu halkara olimpiada ýekebara we toparlaýyn görnüşlerde geçirilýär. Bellenen tertipdäki meseleleri çözmek üçin oňa gatnaşyjylara 5 sagat wagt berilýär. Onuň emin agzalary ýurdumyzyň we bäsleşige gatnaşýan daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlaryndan ybaratdyr. Olimpiadanyň netijesi şahsy we toparlaýyn bäsleşikde toplanan utuklaryň jemi boýunça kesgitlener. Ýeňijiler altyn, kümüş we bürünç medallar hem-de, degişlilikde, 1-nji, 2-nji we 3-nji derejeli diplomlar, şeýle-de belli bir meseläni üýtgeşik usul bilen çözen talyp ýörite baýrak bilen sylaglanar.

Çaryguly HANJAÝEW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Annanur REJEBOW.
Beýleki habarlar