IV Açyk halkara matematika olimpiadasyna badalga berildi

4 Mart 2024
324

Ýurdumyzda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda alnyp barylýan işler ýaş nesillerimiziň dünýä derejesinde bilim-terbiýe almagyna, zehinlerini açmagyna hem-de olary hemmetaraplaýyn kämilleşdirmäge giň mümkinçilik berýär. Türkmen ýaşlarynyň dünýä derejesinde geçirilýän bäsleşiklere gatnaşyp, üstünlikli çykyş etmegi, şeýle-de ýurdumyzda halkara olimpiadalaryň yzygiderli geçirilmegi buýsandyryjy ýagdaýdyr. Munuň özi daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleridir iri ylym-bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlygyň has-da berkeýändigini alamatlandyrýar.

«Nesil».
Beýleki habarlar