Halkara matematika olimpiadasy başlandy

4 Mart 2024
478

Ýurdumyzda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, giň gözýetimli, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça uly tagallalar edilýär. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýaş nesliň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmegi, döwletimiziň we jemgyýetimiziň syýasy, ykdysady, medeni durmuşyna ýaşlaryň doly hukukly gatnaşmagy üçin oňaýly şertler döredilýär. Munuň özi döwletde amala aşyrylýan beýik işlere, oňyn özgertmelere ýaşlaryň mynasyp goşant goşmagyna ýardam edýär. Halkara bäsleşikleriň netijelerinde hem bu hakykata göz ýetirmek bolýar.  

Şu gün, 4-nji martda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde IV Açyk halkara matematika olimpiadasy dabaraly ýagdaýda başlady. Ýeri gelende bellesek, Açyk halkara matematika olimpiadasy ýurdumyzda ikinji gezek geçirilýär.

Gözel PIRMUHAMEDOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika kafedrasynyň müdiri.
Beýleki habarlar