Ösüşiň berk binýady

3 Mart 2024
752

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilimi ösdürmäge, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini giňden peýdalanmaga uly üns berilýär. Şunda kämil hünärmenleriň, bilimli ýaşlaryň ähmiýetiniň uludygyny aýratyn bellemek gerek. Çünki bilimli ýaşlar sanly ulgama, ösen tehnologiýalara ussatlyk bilen erk edýärler, bu ugurdan bilimleri özleşdirýärler. Häzirki ösüşlere beslenýän döwürde, ylym-bilim bilen bir hatarda tehnologiýalar hem güýçli depginde ösýär, özgerýär, barha täze mümkinçilikler kemala gelýär. Çünki ylmy-tehnologik açyşlar jemgyýeti özgerdýär, ösdürýär. Şonuň üçin ylmy-tehnologik özgertmeler aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Häzirki ösen döwürde ylmy tehnologiýalar durmuşymyza işjeň ornaşýar. Diňe bir kompýuterler däl, eýsem, sanly ulgamyň dürli mümkinçilikleri kemala gelýär. Häzirki wagtda tehnologiýalaryň ykdysadyýetde, ylym-bilimde, aragatnaşyk pudaklarynda işjeň ösdürilýändigini görýäris. Şeýle mümkinçilikler beýleki pudaklary, dürli ugurlary-da öz içine alýar. Muňa mysal hökmünde gurluşyk-binagärlik pudagynda hem sanly tehnologiýalaryň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýandygyny görkezmek bolýar. Dünýä nusgalyk Arkadag şäheriniň gurluşygynda «akylly» şäher konsepsiýasyndan ugur alnandygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Şonuň üçin bu ajaýyp şäherdäki jaýlarda, binalarda sanly ulgamyň mümkinçilikleri giňden peýdalanyldy. Bu gün sanly ulgamyň tehnologiýalary ynsan ýaşaýşyna ýeňillikleri hödürleýär, olaryň binagärlikde ulanylmagy, ýaşaýyş-durmuşda giňden peýdalanylmagy köp bähbitleri getirýär. Munuň özi, ilkinji nobatda, tebigy arassalygy we tygşytlylygy emele getirýär. Ýagny elektrik energiýasynyň, suwlaryň tygşytlanmagynda hem ösen enjamlaryň ýardamy bardyr. Şonuň üçin sanly ulgamyň mümkinçilikleri gurluşyk-binagärlikde giňden peýdalanylýar, onuň täze ugurlary ylmy esasda öwrenilýär.

Baba MYRATBERDIÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň okuw bölüminiň başlygy.
Beýleki habarlar