Bilim özgertmeleri rowaçlanýar

3 Mart 2024
535

Täze taryhy döwürde eziz Diýarymyz beýik ösüşlere beslenýär. Önümçiligiň ähli pudaklaryna ylmyň we öňdebaryjy tejribäniň gazananlarynyň ornaşdyrylmagy we iň täze tehniki hem tehnologik enjamlaryň netijeli ulanylmagy beýik ösüşlerimiziň, belent üstünliklerimiziň özeni bolup durýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde eziz Diýarymyzy mundan beýläk-de beýik ösüşlere ýetirmekde belent maksatlar durmuşa geçirilýär. Şunda ähli ösüşleriň binýady bolan ylym-bilimi ösdürmek we halkara tejribäni baýlaşdyrmak, ýaşlara döwrebap bilim öwretmek aýdyň maksatlardyr. Şeýle asylly maksatlar bilen, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalarynyň birnäçesi geçiriler. Ynha, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde hem 2024-nji ýylyň mart aýynyň 4-8-i aralygynda IV Açyk halkara matematika olimpiadasy geçirilýär. Munuň özi ylym-bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilýändigini, ýaşlaryň bilimleriniň barha kämilleşdirilýändigini aýdyň beýan edýär.

Ylymly-bilimli, kämil ýaşlar röwşen geljegimizdir. Sowatly, ýokary hünärli kämil hünärmenleri taýýarlap ýetişdirmegiň ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny bellemek örän ýerlikli bolsa gerek. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleri üstünliklere beslenýär, täze mümkinçiliklere eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, dürli ugurlary öz içine alýan kämil hünärmenleri taýýarlamak maksadynda ýurdumyzda orta hem ýokary okuw mekdepleriniň ençemesiniň açylmagy, öňden hereket edip gelýän ylym-bilim ojaklarynyň dünýä ülňülerine doly laýyk gelýän täze binalarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi döwletimiziň röwşen geljegi nazarlap, bedew bady bilen ynamly öňe barýandygyna bütin aýdyňlygy bilen güwä geçýär.

Jahansoltan ATAÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar