Usuly-amaly maslahat geçirildi

3 Mart 2024
528

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan 23 — 24-nji fewralda bilim işgärleriniň gatnaşmagynda «Çagalara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmakda öňdebaryjy iş tejribäni öwrenmek we ýaýratmak, halypaçylyk işlerini netijeli guramak boýunça alnyp barylýan usuly işleri kämilleşdirmegiň ýollary» atly döwlet derejesinde onlaýn usuly-amaly maslahat Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki rus dilini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 32-nji çagalar bakja-bagynda geçirildi.

Maslahatyň dowamynda körpeleriň aýdym-sazly çykyşlary, Balkan welaýatynyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň halypa bilim işgärleriniň öňdebaryjy iş tejribesi esasynda taýýarlan okuw-görkezme esbaplarynyň, usuly işleriniň sergisi, okuw sapaklary guraldy, şeýle hem gurjak sahnalary, milli oýunlar görkezildi. Iki gün dowam eden usuly-amaly maslahatyň çäginde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hünärmenleriniň we welaýatlaryň öňdebaryjy, halypa bilim işgärleriniň iş tejribeleri boýunça çykyşlary diňlenildi. Maslahatda çykyş edenler bilim ulgamynda halkara tejribeleri öwrenmek, ähli çagalar üçin ýokary hilli inklýuziw bilim we okuw mümkinçiliklerini döretmek, ýaş nesle berilýän bilimiň mazmunyny we hilini yzygiderli kämilleşdirmek, bilim edaralarynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalardan peýdalanmak, ylmyň soňky gazananlaryny hem-de okatmagyň innowasion usullaryny bilim ulgamyna ornaşdyrmak barada bellediler. Şeýle hem ýaş nesle dünýä derejesinde bilim-terbiýe bermekde öňdebaryjy iş usullaryny giňden ornaşdyrmagyň ýollary kesgitlenildi.

Ogulsona NAZARGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň mekdebe çenli bölüminiň baş hünärmeni.
Beýleki habarlar