Döredijilik duşuşygy

28 Fewral 2024
327

Golaýda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň hem-de «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde guramagynda geçirilen maslahata ýurdumyzyň halypa ýazyjy-şahyrlary, magtymgulyşynas alymlar we köp sanly ýaşlar gatnaşdylar.

Turuwbaşdan işjeň häsiýete eýe bolan we ruhubelentlige beslenen duşuşykda halypa ýazyjy-şahyrlaryň, magtymgulyşynas alymlaryň çykyşlaryna giň orun berildi. Olar Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede giňden bellenilmeginiň dünýä jemgyýetçiliginiň türkmen diline bolan gyzyklanmasyny artdyrýandygyna ünsi çekdiler. Nygtalyşy ýaly, parahatçylyk söýüjilik, agzybirlik, döwletlilik, edep-terbiýelilik ýaly umumadamzat gymmatlyklaryny çeper sözüň güýji bilen beýan eden Magtymguly Pyragy türki dilleriň içinde iň gadymysy hasaplanýan türkmen dilini ösdüren, onuň şireliligini eserlerinde peýdalanmagy başaran şahyrdyr. Ene dilimiziň edebi häsiýete eýe bolmagynda, özünden soňky nesliň şahyrlarynyň hut şol däbi düýpli özleşdirip, nusgawy ýoly dowam etdirmeginde hem söz ussadynyň döredijiliginiň aýratyn ähmiýeti bardyr. Täze taryhy döwrüň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlary Magtymguly Pyragynyň esaslandyran milli şygryýetiniň kämil nusgasyny dowam etdirmeli nesildir.

Toýly MUHAMMETDURDYÝEW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar