Hünärmenleriň kämilligi

27 Fewral 2024
439

Ýurdumyz täze ösüşleri hem-de belent ruhy göterilişi bilen rowaç menzillere gadam urýar. Bu günki günde biz — bilim işgärleri beýik ösüşlere buýsanyp, durmuşa geçirilýän işleriň many-mazmunyna doly düşünip, öz halal zähmetimiz, yhlas-başarnygymyz bilen ýurdumyzda gazanylýan üstünliklere mynasyp goşant goşmaga çalyşýarys. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler bilim ulgamynyň ösüşini üpjün edýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim işgärleriniň zähmetiniň rowaçlanmagy, netijeli bolmagy üçin ähli şertler döredilýär. Şonuň üçin okuw mekdeplerinde ylymdan, bilimden baş çykarýan, sanly ulgama oňat düşünýän ýaşlar kemala gelýär. Bu ugurdan ýurdumyzyň bilim ojaklarynda, ýokary okuw mekdeplerinde netijeli işler alnyp barylýar. Geljekki hünärmenleriň zähmet ukybyny döwrüň ösen talaplaryna gabat getirmek we talyplary önümçilik şertlerinde innowasiýalar bilen tanyşdyrmak işlerine hem aýratyn üns berilýär. Okuw işleriniň döwrüň giň mümkinçiliklerine laýyklykda alnyp barylmagy, tejribe sapaklarynyň üstünlikli ýola goýulmagy aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Okuw işleriniň netijeliligi talybyň hünäriniň ýokarlanmagyna, ylym-bilim başarnygyna oňat täsir edýär.

Kemal TÄÇMYRADOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar