Ylym-bilim özgertmeleri — bagtyýar ýaşaýşyň binýady

27 Fewral 2024
486

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda bilim bermegiň usulyýetini kämilleşdirmek, ylym ulgamyny yzygiderli ösdürmek we oňa häzirki zamanyň ösen tejribesini, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär. Ýaş nesilleri ylymly-bilimli, hünärli edip ýetişdirmek, olaryň dünýä ylmyna çuňňur aralaşmagyna giň ýol açmak Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň möhüm talaby bolup durýar. Häzirki wagtda orta we ýokary okuw mekdepleri diňe bir döwrebap bilimli, sazlaşykly ösen ýaşlary taýýarlamak üçin talabalaýyk enjamlaşdyrylan okuw merkezleri bolmak bilen çäklenmän, olar milletimiziň aň-bilim kuwwatyny doly açmak, jemgyýetimiziň medeni we ruhy ösüşiniň, Watanymyzyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady abadançylygynyň ygtybarly binýadyny emele getirýär.

Häzirki ajaýyp döwrümizde ylym-bilimli hünärmenleri taýýarlamak aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar. Dünýä ylmynyň gazananlaryny milli tejribelerimize ornaşdyryp, önümçiligiň netijeliligini işjeňleşdirmäge ýaşlary çekmek ýurdumyzyň ylym ulgamynyň öňündäki esasy wezipeleriň biridir. Ýaşlary ylma çekmekde degişli hünär ugurlary boýunça ylmy gurnaklaryň ähmiýeti uludyr. Şeýle gurnaklarda ýaşlaryň ylmy garaýyşlary, döredijilik gözlegleri, täzeçe pikirlenmek ukyplary, şeýle hem dünýä ylmynyň ösüşinden habarly bolmaklary gazanylýar. Şonuň netijesinde, talyp ýaşlarymyz sebit we halkara derejesinde geçirilýän ylmy-amaly maslahatlara, bäsleşiklere, olimpiadalara gatnaşýarlar we guwandyryjy netijelere eýe bolýarlar.

Meretguly ZAHIROW,
Aşgabat şäherindäki dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 87-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar