Çaga terbiýesi – mukaddes wezipe

24 Fewral 2024
317

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe parahat ýaşaýşyň hözirini görýän türkmen halkymyz ýurdumyzyň geljekgi eýeleri bolan ýaş nesillerimize, olaryň edep-terbiýesine uly üns berip, bu babatda çäksiz uly işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň bimöçber tagallalary esasynda ýaşlara dünýä ülňülerine laýyk bilim bermek, olaryň saglygyny goramak maksady bilen, eziz Diýarymyzyň ähli künjeginde döwrebap çagalar baglary, okuw mekdepleri, sagaldyş-dynç alyş merkezleri gurlup ulanylmaga berilýär. Okuw-terbiýeçilik edaralary ösen ylmy-innowasion tehnologiýalar, interaktiw-multimediýa enjamlary, kompýuterler bilen doly üpjün edilýär. Bu bolsa biziň röwşen geljegimiz bolan bagtyýar nesillerimize tälim-terbiýe bermegiň netijeliligini artdyryp, olaryň kämil tehnologiýalary ele almaklaryna giň ýol açýar.

Her bir çaga maşgalanyň dowamaty hem-de berkleşdiriji güýçdür. Bagtyýar çagalar bilen her bir ojak şatlyk-gülki bilen beslenýär. Maşgala döwletiň kiçijik bir bölegi bolup nesliň dowamat bolýan, däp-dessurlarynyň berjaý edilýän ýeridir. Her bir bagtyýar maşgalada çaganyň dogulmagy iň şatlykly pursatlaryň biridir. Çaga terbiýesi köp ýagdaýlary öz içine alýar. Ösüp barýan çagany wagtly-wagtynda naharlamak, uky wagtyny saýhallamak, eşiklerini arassa saklamak, dogry gundamak, arassa howa, tebigata gezelenje çykarmak, dürli kesellerden goramak enäniň esasy borjy bolup durýar.

Şemşat AÇILOWA
Çärjew etrabynyň 6-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi
Beýleki habarlar