Türkmen diplomatiýasy dabaralanýar

21 Fewral 2024
2198

18-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk taglymaty we Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasy» atly halkara maslahat we institutyň «Diplomatik protokol» atly ýöriteleşdirilen okuw merkeziniň açylyş dabarasy geçirildi. Bu okuw merkeziniň döredilmegi ýokary okuw mekdepleriniň işiniň kämilleşdirilmegine hem-de maddy-tehniki binýadynyň berkidilmegine döwlet tarapyndan aýratyn üns berilýändiginiň nobatdaky güwäsidir. Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli geçirilen maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, milli diplomatik gullugyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary hem-de talyplar gatnaşdylar.

Maslahatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hünär baýramy mynasybetli diplomatik işgärlere iberen Gutlagy uly ruhubelentlik bilen diňlenildi. Bu ýerde guralan çykyşlarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň köpugurly halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, sebit hem-de ählumumy derejede Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen netijeli daşary syýasy ugry üstünlikli durmuşa geçirýändigi uly buýsanç bilen bellenildi. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edip, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işini kämilleşdirmek meselelerine aýratyn üns berilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de geljekde-de öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmekde ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

«Aşgabat».
Beýleki habarlar