Nagyşlaryň nagmasy

21 Fewral 2024
532

Zenanlarymyz çagalarynyň milli lybaslaryny bezäp-bejerip geýdirmek bilen, dürli reňkli ýüplüklerden keşde nagyşlarynyň ençemesini döredipdirler. 1860-njy ýyllarda türkmenleriň arasynda ýesirlikde bolan fransuz syýahatçysy Genri de Glubef de Blokwil: «Türkmen zenanlarynyň eşikleriniň ählisinde gyzyl, sary we dok gyzyl reňkler eriş-argaç bolup geçýär» diýip belleýär.

Tebigatyň gözel hem täsin gözelligi olaryň synçy nazaryndan sypmandyr. «Goçak», «tärim», «labyr», «alaja», «dagdan», «tegbent», «çigildem», «gülýaýdy», «erikgül», «almagül», «guşdyrnak», «aksuw», «tolkun» nagyşlary tebigatyň gözelliklerini, ýaşaýyş-durmuş pursatlaryny alamatlandyrypdyr. Bu nagyşlaryň her biri özünde türkmene mahsus häsiýetleri, türkmeniň durmuşyna, ruhy dünýäsine degişli maglumatlary jemleýär. Türkmen tahýasynda ene topragyň ýylysy, zenan kalbynyň mähri, gözel tebigatyň ajaýyplyklary jemlenendir. Zenanlaryň tahýalara ýerleşdiren keşde nagyşlarynyň aglabasyny Türkmenistanyň çäklerinde Jeýtun, Änew, Daşlydepe, Garadepe, Namazgadepe, Göksüýri ýaly ýadygärliklerde ýüze çykarylan gadymy döwürlere degişli arheologiýa tapyndylarynda hem görmek bolýar. Bu bolsa türkmen tahýalarynyň we keşde nagyşlarynyň gözbaşyny has uzaklardan alyp gaýdýandygyna şaýatlyk edýär. Gadymy pederlerimiziň ynanjyna görä, damjanyň, tolkunyň, suwuň nagyşlardaky keşbi bereket-rysgal, hasyl bolçulygyny döredýärmiş. Ösümligiň, baldagyň, ýapragyň, gülüň, gozanyň keşbini janlandyrýan nagyşlar bolsa ýaşaýyş, uzak ömür, dowamat, bagtyýarlyk eçilýärmiş.

Aýna GELDIMYRADOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.
Beýleki habarlar