Alajabagym — hünärbagym

21 Fewral 2024
675

Ene-mamalarymyzyň zehin siňdirip döreden el işleriniň her birinde ylham bar, yşk bar. Çünki şol işleriň her birine, çyn zehin bilen birlikde, bir mylaýym söýgi hem mähir, süýjüje alada ýugrulan çyn yhlas hem gatylýar. Şu mukaddes duýgulary özünde jemleýän el hünärini synlanyňda, üýtgeşik bir gözel äleme düşen ýaly begenýärsiň. «Dünýäde iň kämil döredilen eser hem ene hüwdüsidir. Sebäbi onda ýürek arzuwlary ýaşaýar. Ýüregiňi goýup döredilen sungat eseri bolsa nusgalyk esere öwrülýär». Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda aýdan sözleri kalbyňa gudratly gazma dutaryň şirin owazy ýaly eşidilýär.

Ene alajaly gundagbagy bilen pugta gundalan akja bäbejigiň rahatja uklap ýatandygyny bilse-de, aýagynyň başam barmagyna oran alajaly sallançakbagyny aýyrmaga howlukmaz. Ol sallançakbagyny käte bir yrap goýberer-de, ýaňy başlan alajasyny hyjuw bilen örmäge başlar. Käte-de balajygyna buýsançly garap, öz döreden hüwdüsine hiňlener. Alajalar... alajalar. Bu bir sungat içindäki baky gudrat ahyryn.

Şemşat AKGAZAKOWA,
Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň «Ýeňiş» obasynyň ýaşaýjysy.
Beýleki habarlar