Ýaşyl dünýä — ýaşaýyş

21 Fewral 2024
1399

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan ekologiýa syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde bu gün ýurdumyzyň ähli künjekleri bagy-bossanlyga, gür tokaý zolaklaryna bürendi. Aýratyn hem, ajaýyp tebigy künjekler bilen kämil sazlaşygy emele getirýän ýurdumyzyň baş şäherini görmäge göz gerek. Häzirki wagtda Aşgabat diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, dünýäniň binagärlik taýdan ösen, ekologiýa taýdan iň bir arassa şäherleriniň biri hökmünde tanalýar.

Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanylan, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek maksady bilen her ýylda geçirilmegi asylly däbe öwrülen köpçülikleýin bag ekmek dabaralary bu gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde üstünlikli alnyp barylýar. Her ýylda bolşy ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda ýurdumyzda saýaly, pürli, miweli baglaryň, üzümiň Aşgabat we Arkadag şäherlerinde 1,5 million düýp nahaly, welaýatlarymyzda 1,5 million düýp nahaly oturdylar. Munuň özi akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly belleniljek ýylynda hem ata Watanymyzy bagy-bossanlyga büremek ýaly asylly işleriň batly depginler bilen dowam etdirilýändiginiň aýdyň görkezijisi bolup durýar.

Alym JUMAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.
Beýleki habarlar