Ýorganlyk düýe ýüňüni taýýarlamak

21 Fewral 2024
450

Boýy 2 metr, ini 1 m 40 sm bolan bir ýorganlyk üçin 2 kg düýe ýüňi ýeterlikdir. Ýorganlyk üçin niýetlenilip alnan ýüňi gyllamaly, ýagny gataňsy uzyn gyllaryny barmaklaryň bilen sogrup aýyrmaly. Çöp-çalamlaryny, bürmeklerini aýyrmaly. Onsoň ýüňleri sabynsyz suwda gaýta-gaýta, çyrpyp-çyrpyp ýuwup, gerlen ýüpe ýa-da syryga ýazgyn edip sermeli. Gurandan soň, saýylan ýaly tüýtmeli ýa-da galyň düşek edip, düşegiň üstünde saýgyç bilen ýeňil-ýeňil silkibräk kakyp, saýmaly.

Taýýarlan Ogulbaýram KULYÝEWA,
Beýleki habarlar