Nebitgaz senagaty we «ýaşyl» ykdysadyýet

19 Fewral 2024
1596

Ýurdumyzda tebigy gazy gaýtadan işläp, dünýä bazarynda isleg bildirilýän önümleri öndürýän döwrebap gazhimiýa toplumlary gurlup ulanmaga berilýär. Nebit we gaz ýataklarynda netijeli, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze innowasion tehnologiýalara, ylmyň soňky gazananlaryna, sanly çözgütlere esaslanýan işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda tebigy serişdeler özleşdirilende, oýlanyşykly, daşky gurşawa aýawly çemeleşmek ýörelgeden ugur alynýar. Çünki gazhimiýa we nebiti gaýtadan işleýän pudaklaryň geljegi uly bolan meýilnamalary ekologik düzüm bilen berk baglanyşyklydyr. Şol sebäpli hem ulanmaga berilýän senagat desgalarynda ekologik kadalaryň berjaý edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Ýakyn geljek üçin iň bir amatly we täsirli boljak «ýaşyl» ykdysadyýeti kemala getirmegiň baş wezipesi hem ekologik abadançylygy üpjün etmekdir. «Ýaşyl» ykdysadyýet diýlen esasy düşünje halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak bilen, döwletiň ähli ulgamlarynda sazlaşykly, innowasion we ekologik taýdan bähbitli boljak önümçiligi, senagaty ösdürmek bolup durýar.

«Ýaşyl» ykdysadyýet döwletiň ähli pudaklaryna dahylly bolup, onuň nebit we gaz ulgamyna dahylly taraplary barada durup geçeliň. Ýurdumyzda nebit we gaz pudagyna degişli edara-kärhanalar, zawod-fabrikler, «mawy ýangyjy» öndürýän, gaýtadan işleýän we beýleki önümleri çykarýan ojaklar hereket edýär. «Mawy ýangyçdan» alynýan önümler senagatyň ähli düzüm böleginde diýen ýaly peýdalanylmak bilen, diňe bir ýurduň içini üpjün etmän, eýsem, daşary döwletlere eksport hem edilýär. Şol önümlere ekologik baha berlende, iň bir arassa, daş-töwerege zyýan bermeýän, «ýaşyl» gurşawa ýaramaz täsir etmeýän önümleriň önümçiligini goldamakdan ugur alynýar. Ýene bir esasy maksat — «mawy ýangyçdan» alynýan önümleriň diňe bir ekologik ölçeglere gabat gelmegi üpjün edilmän, eýsem, şol önümler öndürilende, ýerlenende, daşalanda, ol ýa-da beýleki önümçilikler üçin ulanylanda galyndylary azaltmak we az galyndyly önümçiligi ýola goýmakdyr. Bu babatda kanunçylyk ulgamymyzda hem kesgitlenendir, ýagny «Galyndylar hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasynda: «Ýuridik we fiziki şahslar hojalyk we beýleki işleri amala aşyrmagyň barşynda galyndylaryň emele gelmeginiň mukdaryny azaltmak boýunça netijeli çäreleri görmäge borçludyrlar», 24-nji maddasynda bolsa: «Nebit-gaz obýektleriniň düzümleri (infrastrukturalary) gurlan, gurnalan, sökülen, nebit we gaz ýataklary enjamlaşdyrylan we ulanylan mahalynda, ähli işler hemme galyndylaryň iň ýokary derejede guramaçylykly ýygnalmagyny we gaýtadan ulanylmagyny üpjün edýän enjamlary we tehnologiýalary peýdalanmak bilen amala aşyrylmalydyr» diýlip kesgitlenen. Nebitgaz ýataklarynda işler gurnalanda, gazylyp alnanda, täzeden işlenilende, daşalanda we beýleki esaslarda ulanylanda ekologik kadalaryň, tebigy baýlyklardan peýdalanmagyň düzgünleriniň, galyndysyz önümçiligi goldamagyň üpjün edilmegi, serişde tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy hökmandyr. Bulardan başga-da, ýokarda agzalan düzgün-kadalar «Tebigaty goramak hakynda», «Uglewodorod serişdeleri hakynda», «Ýerasty baýlyklar hakynda», «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda», «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda», «Atmosfera howasyny goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynda berkidilendir.

Serdar ANNAMYRADOW,
«Türkmennebit» DK-nyň Maýa goýum we düýpli gurluşyk müdirliginiň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar