Söh­bet eý­läp Py­ra­gy­dan...

7 Fewral 2024
338

2024-nji, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilip geçilýär. Hut şu nukdaýnazardan ugur alyp, biz hem ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän, beýik şahyryň adyny göterýän edara-kärhanalarda bolup, olaryň zähmet durmuşy, alyp barýan işleri dogrusynda ýörite makalalary, söhbetdeşlikleri taýýarlamagy maksat edindik. Biz bu makalalar toplumynyň başyny akyldar şahyr, ajaýyp söz ussadynyň adyny göterýän Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatryndan başlamagy makul bildik. Biziň söhbetdeşimiz bu teatryň baş ýolbaşçysy Myrat ARADOW.

— Myrat Hydyrmuhammedowiç, siz Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän sungat ojagyna indi birnäçe ýyl bäri ýolbaşçylyk edýärsiňiz! Dana Pyragy, onuň göwher deýin gymmatly döredijiligi, Magtymgulynyň adyny buýsanç bilen göterýän teatr. Ine, şu jümleleriň özara sazlaşygy sizde nähili duýgulary döredýär?

Söhbetdeş bolan
Dursun TEKÄÝEWA, žurnalist.
Beýleki habarlar