Arzuwlardan alymlyga çenli

11 Ýanwar 2024
839

Manyly ömrüniň ýarym asyra golaýyny ýurdumyzyň weterinariýa gullugyna bagyş eden Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugynyň halkara we ylmy aragatnaşyklar bölüminiň baş hünärmeni Annanazar Bäşimow Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň bahar paslynyň ajaýyp gününde «weterinariýa ylymlarynyň doktory» diýen alymlyk derejesine eýe boldy. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýanyndaky Dissertasiýalar goralýan ýöriteleşdirilen ylmy geňeşde ylmy jemagatyň öňünde «Türkmenistanda dowarlaryň gan-parazitar keselleri we olara garşy göreş çäreleri» atly doktorlyk dissertasiýasyny üstünlikli goran alym, gör, nijeme gijeleri ukusyz geçirendir, ylmy kitaplary okap, dünýä tejribelerini öwrenýän, ylmy makalalary, gollanmalary ýazýan wagtynda ençeme gezek çaýyny sowadandyr...

...Heniz mekdep ýaşyna-da ýetmedik oglanjyk Aşgabady etekläp oturan Bagyr obasynda, gojaman Köpetdagyň goýnunda mal bakýarka, ykbalyna dowardarçylyk kesbi-käriniň ýazyljakdygy barada pikirem eden däldir. Ýöne şol ýyllaryň içinde ol owlak-guzujyklar bilen oýnap-ösüp, mallara halys öwrenişipdi...

Keýik UMAROWA.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar